Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz hemmetaraplaýyn ösüş-özgerişlere eýe bolýar. Bilim ulgamynda-da uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilip, bu ulgam döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär. Ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, aň-düşünjeli, zähmetsöýer, halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalar edilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, zehinlerini açyp görkezmekde giň mümkinçilikler döredilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, bilim täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesidir. Islendik ýaş nesliň öwrenmäge, bilmäge, döretmäge ukyby, höwesi bolmalydyr. Munuň üçin bilim işgärleriniň tejribesiniň, yhlasynyň ýeterlik bolmagy hökmanydyr. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny häzirki döwrüň ösüş aýratynlyklaryna we talaplaryna laýyklykda, toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagy ilkinji wezipeleriň hatarynda goýýar. Çünki, bilim bagtyýarlygyň binýadydyr we gözbaşydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bilimler mekanyna öwürmäge gönükdirilen tagallalary ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek, hünär öwretmek, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça edýän tagallalarynda aýdyň görünýär. Berkarar Watanymyzda tebigy we takyk ugurlara degişli dersleri çuňlaşdyryp öwredýän, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriň hereket etmegi, sanly bilim ulgamyna geçilmegi bu babatda aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Biz ýaşlaryň ylym-bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Täçmämmet AMANOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler