Ýurdumyzda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy geçirilýär

16-njy noýabrda, Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy öz işine başlady.

Giň möçberli çäre Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň we HHR-iň halklarynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek hem-de çuňlaşdyrmak maksady bilen geçirilip, onuň guramaçylygy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, degişli ministrlikler we pudak edaralary, Mary welaýat häkimligi tarapyndan ýola goýuldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrülen, üç günläp dowam edýän foruma ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenler, talyplar, meýletinçiler, işjeň agzalar, Hytaý Halk Respublikasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet, sungat ulgamlarynyň, parlament düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň çäklerinde möhüm çäreleriň hatarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň yglan eden, bu guramanyň döredilen güni mynasybetli zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlary Türkmenistanyň ýaşlar baýragy bilen sylaglamak dabarasy, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň medeniýet, sungat ussatlarynyň ýaşlar festiwaly geçiriler.

Şeýle hem foruma gatnaşyjylar üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda häzirki güne çenli saklanyp galan gadymy şäher oazisleriniň biri bolan «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanasyna gezelenç guralar.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu forumy geçirmek teklibi şu ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçirilen döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürüldi.

Aýbölek ALLAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok