Ýurdumyzyň aýdyň geljegi — bilimli ýaşlar

Ylym-bilim bir düýpsüz umman mysalydyr. Şol ummanda batyrgaýlyk hem erjellik bilen gulaçlap, adamzada ýagty ýol görkezýän we oňa gowy ýaşaýşy bagyş edýän ylym-bilim hazynasyndan ýetdik paýyny alýan, geljegine ynamly türkmen ýaşlaryny göreniňde guwanýarsyň, buýsanýarsyň. Olaryň dürli ylym-bilim bäsleşiklerinde, halkara internet olimpiadalarynda gazanýan üstünlikleri bolsa buýsanjyňy has-da artdyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ylym-bilim özgertmeleriniň, ýylsaýyn gülleýän, gül açýan bilim daragtynyň ajaýyp miweleridir.

Ýurdumyzyň ösüşleriň ýoly bilen öňe gitmeginde bilim ulgamyna möhüm orun degişli bolup durýar. Hut şol esasdanam häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesliň bilim-terbiýeli, berk bedenli we sagdyn ruhly, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz bilim ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak we dünýä hil ülňülerine laýyk getirmek üçin ençeme möhüm resminamalara gol çekdi. Şol resminamalar maksada okgunly nesli kemala getirmekde, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamakda ýokary görkezijileri gazanmak maksadyndan ugur alýar. Şolaryň netijesinde hem ýaş nesle çuň bilim we döwrebap terbiýe bermekde uly üstünlikler gazanylýar. Ýaş nesillerimiz barada döwlet derejesinde alada edilmegi netijesinde Watana, il-güne wepaly, giň düşünjeli adamlar kemala gelýär.

Ýurduň geljegi, ykbaly ylymly, bilimli nesilleriň elinde. Bu gün ýurdumyzyň baýdak göterijileri bolan ylymly-bilimli ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine özleriniň goşandyny goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmelidirler. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklary, bilim işgärleriniň netijeli zähmet çekmekleri üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Gülaý ARAZKULYÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt
dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok