Daşoguz welaýatynda bol tüwi hasyly ýygnalýar

Daşoguz welaýatynda bol tüwi hasyly ýygnalýar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji Oktýabr» daýhan birleşiginde üç müň üç ýüz elli gektardan iki müň sekiz ýüzden gowrak gektaryň tüwi hasyly ýygnaldy.

Welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde hasyl ýygnamak işleri hem ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde iki müň iki ýüzden gowrak gektar meýdandan tüwi ýygnaldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hasyl ýygnamak möwsümini amatly möhletde tamamlamak we hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin şu günler ähli zerur çäreleri görýärler. Ekin meýdanlarynda köp sanly «John Deere» we «CLAAS» kompaniýalarynyň ýokary öndürijilikli kombaýnlary we tüwi hasylyny daşamak üçin niýetlenen awtoulag enjamlary ulanylýar.

Häzirki hasyl ýokary öndürijiligi, kesele garşylygy we ajaýyp tagamy bilen tapawutlanýan «Nöküs-2» we «Bereket» tüwi görnüşleridir. Daşoguz welaýaty Lebap welaýaty bilen birlikde bu gymmatly ekini ýurdumyzyň esasy öndürijileridir. Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan oba hojalygy önümçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde galla ösdürip ýetişdirýän pudagyň, şol sanda tüwi ösdürip ýetişdirmegiň önümçiligi sebitde yzygiderli artýar.

Janaly GARLYÝEW,

Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok