Hasyl toýy mynasybetli öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerine döwlet sylagy gowşuryldy

Hepdäniň ýekşenbe güni ýurdumyzda uludan bellenilýän baýramlaryň biri bolan Hasyl toýy uly dabara billen bellenildi. Zähmetsöýer daýhanlaryň we ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda yhlasly zähmet çekýän hünärmenleri hem-de raýatlarymyzy sylaglamak dabarasy Halkara atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy.

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda öňdebaryjy kärendeçileriň, edermen mehanizatorlaryň, agronomlaryň we seçgiçileriň yhlasly zähmeti netijesinde ene topragymyzda “ak altynyň” we bugdaý hasylynyň, gök, bakja ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binasynda şu ýyl boýunça oba hojalyk pudagynda iň ýokary netije görkezen watandaşlarymyza «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna örän uly üns berilýär. Bu pudagyň has hem kämilleşmegi üçin Hormatly Prezidentimiz tarapyndan giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.  Ýurdumyzda ekerançylyk, däneçilik hem-de pagtaçylyk ylmy-barlag institutlary döredildi. Öndürilen önümler ýurdumyzda gaýtadan işlenilip içerki bazarlarymyzy azyk bolçulygy bilen üpjün etmek we daşary ýurtlara eksport edilýär.

Halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk önümleri we gaýtadan işlenilen senagat pudaklarynyň sergisi gurnaldy. Dabarada Eziz Diýarymyzy wasp edýän aýdym sazly çykyşlar ýaňlandy.

Ýazjahan Annaorazowa,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky
Arkadag şäher mugallymçylyk orta
hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok