Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary, taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, täze-täze üstünlikler gazanylýar, bilim ulgamyny ösdürmäge we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýaşlar ylmyň dürli görnüşleri bilen meşgullanýarlar we ylmy işleri alyp barmagyň ýollaryny, ylmy garaýyşlary durmuşa ornaşdyrmagyň usullaryny giňden öwrenýärler. Bu bolsa geljegimiziň has-da ösüşli boljakdygyny aýdyň beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär, çünki döwrebap bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim özgertmeleriniň netijesinde okatmagyň iň döwrebap usullarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyzda hem kämil bilim işgärlerini taýýarlamakda uly işler alnyp barylýar. Talyplar daşary ýurt dilleriniň birnäçesini özleşdirmek bilen bir hatarda, sapaklary guramagy, okuwçylary okatmagyň iň döwrebap usullaryny öwrenýärler. Bu bolsa geljekki mugallymlaryň kämilligini üpjün edýär. Şeýle hem dil ugruny ýa-da tebigy bilimleri içgin özleşdirmek bilen ýaşlaryň mugallymçylyk hünärine bolan başarnyklary kemala gelýär.
Bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmäge döwrüň aýdyň ýolunyň şamçyragy hökmünde garaýan hem-de bu ugurdaky işleriň ýokary derejede ýola goýulmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Ilaman AGAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler