Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ýörelgelerimiz, halkymyzyň gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlary häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýär, ruhy gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Şeýle asylly ýörelgeleri, däp-dessurlary ýaş nesillere öwretmek, olaryň bilimli bolmagyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesine eýerýän ýaşlar watansöýüji, il-güne wepaly nesiller bolup kemala gelýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanýar. Ajaýyp döwrümizde ylymly, bilimli, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň baş maksadydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy, hünär öwrenmegi, zehin başarnyklaryny açmagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillere milli däp-dessurlarymyz esasynda terbiýe bermek, olara sowat, bilim öwretmek, hünäre ugrukdyrmak işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzda bu ugra aýratyn üns berilýär we bilim ulgamynyň özgertmelerine giň mümkinçilikler döredilýär.
Şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazaryýet bilimleriniň kämilleşdirilmegine, täze ylmy-tehnologik açyşlary alyp barmagyna we özleşdirmegine möhüm üns berilýär. Häzirki wagtda döwrüň möhüm talaby bolan sanly ulgamy ösdürmek babatda gazanylanlaryň hem işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimiziň ähli önümçilik pudaklaryna giňden ornaşdyrylmagyna ýaşlar işjeň gatnaşýar. Ýaşlaryň tebigy zehinini we bilime höwesini ösdürmek, olara täze, döwrebap hünärleri düýpli öwretmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýokary hünär bilimi edaralarynda ylmy işleriň we bilim bermegiň utgaşykly alnyp barylmagynyň netijesinde, bilim maksatnamalary üstünlikli amal edilýär.
Milli bilim-ylym ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek we hemmetaraplaýyn kämilleşdirmek babatda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Gunça ŞAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler