Häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarylýar.
Hytaý ýurdumyzyň iri söwda hyzmatdaşydyr. Nebitgaz ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm birnäçe iri taslamalar amala aşyryldy. 2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň ulanmaga berilmegi munuň subutnamasydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi deňhukuklylyga, özara artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi we mümkinçilikleri giňden görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlygyň nyşany boldy. Häzirki wagtda bu gaz geçiriji HHR-e türkmen “mawy ýangyjynyň” uzak möhletleýin esasda iberilmegini üpjün edýär. Bu ugurda iki ýurduň hem uly kuwwatynyň bardygyny bellemek gerek.
Türkmenistan parahatçylygyň, strategik hem-de sebit durnuklylygynyň berkarar bolmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edilmegine, dostlukly döwletlerimiziň, halklaryň howpsuz we durnukly ösüşi üçin şertleriň döredilmegine gatnaşyklaryň baş ugry hökmünde garaýar. Türkmenistan Hytaý bilen diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Bu ýurtlaryň halklaryny türkmen halky bilen köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy birleşdirýär.
2022-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny bellendi. Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň häzirki many-mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we geljegi giň gerimde ösdürilýär. 2013-nji ýylyň sentýabr aýynda strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak hakynda bilelikdäki Jarnama gol çekilip, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykaryldy.
Häzirki wagtda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýalary durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ikisi hem Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlige döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermäge gönükdirilendir. Olar birek-birege bagly bolan önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklaryny döredip, köp sanly durmuş meselelerini çözmegi, halklaryň ýaşaýyş derejesiniň, hal-ýagdaýynyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün eder.
Japarguly AHMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler