Mälim bolşy ýaly, ýakynda paýtagtymyzda «Türkmentel – 2023» telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we ýaýlym enjamlary XVI Halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Bu halkara ylmy konferensiýada «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew çykyş edip, Türkmenistanyň ilatly ýerleriniň ýokary tizlikli internet bilen doly üpjün edilenligini mälim etdi.
Ol özüniň ýolbaşçylyk edýän edarasynyň aragatnaşyk operatorlar ulgamyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça Yslam Ösüş Banky bilen bilelikde 273 million dollarlyk birnäçe taslamany durmuşa geçirendigini belledi.
Ol häzirki wagtda Türkmenistanda internet ulanyjylaryň umumy sanynyň 3 149 178 adamdygyny, şol sanda 421 609 simli internet ulanyjysynyň we 2 727 569 mobil internet ulanyjysynyň bardygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, üstaşyr geçirme kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär, hususan-da, taslamalaryň çäginde esasy ulag ulgamynyň giňelmegi göz öňünde tutulýar.
Suraý BAÝRAMDURDYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
türk dili hünäriniň talyby.
Teswirler