Ýylyň 10 aýynda iri we orta kärhanalarda ortaça zähmet haklary 9,9 göterim artdy

Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini barha ýokarlanýar. Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynyň jemi boýunça ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberi 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 6,3 göterim artdy. Bu barada TDH habar berýär.

Üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanşygy 9,6 göterim ýokarlandy. Ýurdumyzda raýatlara berilýän aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, talyp haklary we döwlet kömek pullary öz wagtynda berilýär.  Şeýle-de iri we orta kärhanalarynda ortaça möçberdäki zähmet haklary degişli döwür bilen deňeşdirilende 9,9 göterim artdy.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028 -nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”  boýunça alynyp barylýan işler oňyn netijesi ni berýär. Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileri barha ýokarlanýar. Diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň hili we möçberi artýar. Daşary ýurt maýa goýumlary çekmek üçin dürli taslamalar işlenilip düzülýär we durmuşa ornaşdyrylýar. 

Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda 2024-nji ýylda Türkmenistanda zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ilatyň durmuş ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda alnyp barylýan işler yzygiderli geçirilýär. 

Indira Abdullaýewa,
Döwletmämet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok