Pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, müdimilige öwrülen tagmasydyr. Milletiň çeper aňyýetiniň ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Medeni däp-dessurlar, sungat, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir.
Eziz Watanymyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr-gymmaty belentde tutulýar. Hormatly Prezidentimiziň bu ugurda öňde goýýan wezipelerinde geçmişiň tejribesini geljek üçin aýap saklamagyň we ony ertirki güne ýetirmegiň her döwrüň öňünde durýan borçdugy bellenilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda: “Millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, düýä ýaýmak, olara halklara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir” diýmek bilen, milli sungatymyzy, maddy hem ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda biziň öňümizde uly wezipe goýýar.
Ene-mamalarymyz milli mirasymyzyň ajaýyp gymmatlygy halydyr palas dokamak, keçe basmak, keşde çekmek, örüm örmek, dürli alaja, jähek, aldymgaç ýüplerini taýýarlamak ýaly el işleri bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelipdirler. Pähim-paýhasdan gözbaş alýan köpöwüşgünli ol nusgalyk el işleri gyz-gelinlerimiz tarapyndan häzirki wagta çenli ýöredilip gelinýär. Müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, müdimiligiň möhüri basylan el hünäri zenanlarymyzyň buýsanjy, abraý-mertebesidir. Türkmen zenanlary ýiti synçy nazary bilen gözelligi, täsinligi duýup bilýän suratkeşlerdir. Bu bolsa gyz-gelinlerimiziň on barmagynyň hünärinden hasyl bolan senetçilik önümlerine salynýan nagyşlaryň many-mazmunynda, olaryň reňk sazlaşygynda, ýerine ýetirilişiniň nepisliginde aýdyň şöhlelenýär. Tebigatyň owadan gülleridir ösümlikleriň keşbi, ene-mamalarymyzyň ýaşaýyş-durmuş bilen bagly gadymy ynançlary, bagtyýar durmuş hakyndaky maksat-myrady, ýüregindäki arzuw-hyýallary el hünäri bolan syrly nagyşlara siňdirilipdir.
El hünäri zenan dünýäsini bezeýän sungat. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly eserinde: “Käbämiň gyzlary bilen bile oturyp keşde gaýaýandygy, jorap örýändigi hem edil janly surat eseri ýaly” diýip belleýişi ýaly, inçe el senetleri gyzlaryň her biriniň kiçilikden öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçirilip gelnipdir. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, milletimiziň käbesi Ogulabat ejemiz hem inçe el işleri bejermegiň ussady bolupdyr. Ogulabat ejemiziň sünnäläp bejeren gyzyl kürtesi, inçeden syk örülen gülli joraby hem türkmen zenanlary üçin görüm görelde, nusgalyk mekdebidir. Üstünden ýarym asyr geçen, mähir siňen bu nepislikler Türkmenistanyň Döwlet Muzeýiniň gaznasyny baýlaşdyrýar.
Hormatly Prezidentimiziň halkyna peşgeş eden Berkarar döwletimiziň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýet, muzeý, kitaphana işgärleri halkymyzyň baý milli mirasyny içgin öwrenmek, Watan guwanjy we geljegi bolan ýaş nesillerimize ýetirmek, olarda köpöwüşgünli mirasymyza söýgi döretmek, bütin dünýä ýaýmak ugrunda asylly hem-de döwletli işleri giň gerimde dowam etdirmek galýar. Çünki Watana bolan bolan söýgi her bir ynsanda, öz halkynyň milli mirasyna, medeniýetine, geçmişine we şöhratly taryhyna bolan söýgüden başlanýar. Milli mirasymyzy dikeltmek, dünýä ýaýmak ugrunda ähli tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny yhlasly işleri bilen dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan belent maksatly işleri rowaç alsyn!
Şemşat HYDYROWA,
Baýramaly etrap merkezi kitaphanasynyň
bölüm müdiri, Türkmenistanyň Agrar
Partiýasynyň Baýramaly etrap
komitetiniň işjeň agzasy.
Teswirler