Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza we ýörelgelerimize wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, dünýä dillerini suwara bilýän ilhalar ýaşlar kemala gelýär. Häzirki wagtda ylym-bilim ulgamynda döredilýän giň mümkinçilikler örän buýsandyryjydyr. Bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň we jemgyýetimiziň medeni hem-de ruhy taýdan sazlaşykly ösmeginiň esasy şertine öwrüldi. Bilim ojaklary kompýuterler, okuw serişdeleri, interaktiw multimedia tehnologiýalary bilen doly üpjün edilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmakda, işleri alyp barmakda özara tejribe alyşmak üçin, dünýäniň ençeme döwletleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmegiň ähmiýetli tarapy hem türkmen ýaşlarynyň dünýä ýaşlary bilen ylymda, bilimde, sportda we beýleki ugurlarda aýakdaş gitmegini gazanmakdan ybaratdyr. Bu babatda halkara derejesindäki olimpiadalara, sport ýaryşlaryna ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelemeklerini mysal getirip bolar. Dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde türkmen ýaşlarynyň bilim almagy munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gülşat HOJAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler