Nazary mehanika dersinden III Açyk internet olimpiadasy geçirildi

Ýaňy ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda nazary mehanika dersinden III Açyk internet olimpiadasy geçirildi.

Onlaýn görnüşinde geçirilen olimpiada ýurdumyzyň 13 sany ýokary okuw mekdebinden, 60-dan gowrak talyp gatnaşdy. Talyplar bäsleşige ýekeleýin görnüşde gatnaşdylar.

Belläp geçsek, netijeleriň jemi boýunça 29 sany ýeňiji yglan edildi we şolardan 6 sany 1-nji oruna, 9 sany 2-nji oruna we 14 sany 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijiler I, II, III derejeli diplomlar bilen sylaglandy.

Mahym NARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok