Türkmenistanda Gündogar lukmançylygy merkezi açylar!

Gündogar lukmançylygy boýunça koreý agentligi we Pusan Milli uniwersitetiniň Gündogar lukmançylygy ýokary mekdebi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamynda işewürlik ylalaşygyna gol çekdiler. Sişenbe güni Aşgabatda “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” 16-njy Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde baglaşylan ylalaşyga laýyklykda, 2024-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistanyň saglyk merkezleriniň birinde Gündogar lukmançylygy merkezini açmak göz öňünde tutulýar.

Gündogar lukmançylygy boýunça koreý agentliginiň penşenbe güni habar bermegine görä, baglaşylan ylalaşykda Gündogar we saglygy dikeldiş lukmançylygynda häzirki zaman tehnologiýalary, ylmy-amaly maglumatlary alyşmak, bilelikde bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek we saglygy goraýyş hyzmatlarynyň we lukmançylyk kömekleriniň berlişini ösdürmekde gatnaşyklary giňeltmek göz öňünde tutulýar.

Gündogar lukmançylygy boýunça koreý agentligi we Pusan Milli uniwersitetiniň Gündogar lukmançylygy ýokary mekdebi bilen bu işewürlik ylalaşygyny durmuşa geçirmegiň barşynda Türkmenistanyň lukmançylyk işärleriniň hünär taýýarlygy boýunça birnäçe çäreler hem-de iki ýurduň lukmançylygyny senagatlaşdyrmak ýaly ugurda taslamalary ilerletmek üçin hyzmatdaşlygy giňeltmek işleri geçiriler.

Şu ýylyň awgust aýynda Koreýa Respublikasyndan bolan Gündogar lukmançylygy boýunça bilermenler topary Türkmenistana sapar bilen gelip, ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde lukmançylyk we saglygy goraýyş işi ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijelerine laýyklykda, taraplar geljekde taslamalary durmuşa geçirmekde işewürlik ylalaşygyny baglaşmak hakynda ylalaşdylar.

Mekan ŞAMSIÝEW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk
fakultetiniň Önümçiligiň we tehnologiýa
prosesleriniň awtomatlaşdyrylyşy
hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok