Türkmen alymlary Magtymguly barada täze taryhy maglumatlaryň gözleginde

Magtymguly Pyragynyň we beýleki türkmen nusgawy şahyrlarynyň ömri hem döredijiligi, türkmen halkynyň taryhy we edebiýaty barada täze taryhy maglumatlary tapmak üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary Täjigistana iş sapary amala aşyrarlar. Olar 5 — 25-nji noýabr aralygynda kitap we golýazmalar gaznalarynda işlärler, milli mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglarda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täjik kärdeşleri bilen duşuşarlar.

Ýurduň alymlary Täjigistanyň esasy milli kitap saklanýan gaznasy we respublikanyň öňdebaryjy ylmy-barlag instituty derejeli Abulkasym Firdousi adyndaky Milli kitaphananyň gorlaryny öwrenerler. Onuň gaznasynda üç milliondan gowrak özboluşly medeni we çeper eserler gymmatlyklary bar. Kitaphananyň gaznasynda iki müň nusgadan gowrak gündogar golýazmalar ýygyndysy bar.

Duşenbe şäherinde türkmen alymlary Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş we ýazuw mirasy institutyna baryp görerler.Häzirki wagtda Gündogar golýazmalar gaznasynda 5750-den gowrak golýazma kitaby we täjik, pars, arap, türk we beýleki dillerde 6350-ä golaý daşbasma ýazgylardyr on müňlerçe dürli ylmy işler hem-de gadymy we orta asyrlar ylmynyň hem medeniýetiniň ähli ugurlary boýunça eserler bar.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýini bellemäge taýýarlygyň çäklerinde türkmen alymlary onuň durmuşy we döredijilik mirasy barada täze golýazmalarydyr beýleki çeşmeleri işjeň gözleýärler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Eýranyň şäherlerine ylmy-döredijilikli saparlarynda bolup, şol ýerlerdäki ylmy merkezleriň kitaphanalarynda we golýazma gorlarynda saklanýan türkmen halkynyň edebi hem-de taryhy çeşmeleri bilen tanyşdylar.

Bägül HOJAGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok