Türkmenistan ÝHHG-niň Ministrler geňeşiniň 30-njy duşuşygyna gatnaşar!

Şu ýylyň 30-njy noýabry 1-nji dekabry aralygynda Demirgazyk Makedoniýanyň Skopýe şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler geňeşiniň 30-njy duşuşygy geçiriler. Oňa şu ýyl ÝHHG-e başlyklyk ediji Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Buýar Osmaniniň çakylygy boýunça gurama agza 57 döwletiň, şol sanda Türkmenistanyň hem daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşar.

Ministrler geňeşi ÝHHG-niň merkezi dolandyryş edarasy bolup, onuň ýyllyk duşuşyklary agza döwletleriň daşary işler ministrlerine guramanyň sebitindäki howpsuzlyk ýagdaýyna, şeýle hem onuň alyp barýan işleriniň ähli ugurlaryna syn bermäge şert döredýär.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Demirgazyk Makedoniýanyň daşary işler ministri Aşgabat şäherinde iş saparyny amala aşyryp, saparyň dowamynda Türkmenstanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşikleri geçirdi hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Ýatladyp geçsek, 31-nji oktýabrda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralaryyň ýolbaşçylary Aşgabat şäherinde ÝHHG-niň Baş sekretary bilen duşuşypdy.

Musa ALLANAZAROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok