Merkezi Aziýada zenanlar üçin iň howpsuz ýurt -Türkmenistan

Türkmenistan 2023-nji ýyl üçin Zenanlaryň Parahatçylyk we Howpsuzlyk Indeksiniň (WPS Index) hasabatynda 177 ýurduň içinde 58-nji orny eýeledi. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň gowy netijedir.

Sebitde ikinji ýeri eýelän Gazagystan (70-nji orun), ondan soňra Täjigistan (90-njy orun), Özbegistan (94-nji orun) we Gyrgyzystan (95-nji orun) ýerleşýär. Bu babatda dünýäniň iň gowy görkezijileri Daniýa, Şweýsariýa we Şwesiýa (degişlilikde birinji, ikinji we üçünji ýerler) degişlidir.

Zenanlaryň Parahatçylyk we Howpsuzlyk Indeksi («WPS Index») taýýarlanylanda, awtorlar üç derejä bölünen 13 görkeziji boýunça ýurtlardaky ýagdaýy göz öňünde tutdular.

Ýeri gelende belläp geçsek, degişli hasabat üçin maglumatlar BMG-niň agentlikleri, Bütindünýä banky, «Gallup»-yň global pikir soraşmalary we beýleki çeşmelerden ýygnaldy.

Berdigylyç ATAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok