Kompýuter tehnologiýalary döwrümiziň talabydyr

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagynyň esasy ugurlarynyň biri hem sanly ykdysadyýeti işjeň durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek, orta we ýokary okuw mekdeplerini kompýuter tehnologiýalary bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna ýokary derejede üns berilýär. Sanly bilimi ösdürmek üçin, ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň ylym-bilim we beýleki edaralaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri üstünlikli çözmek üçin şol tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak döwrüň talabydyr.

Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi esasy önümçilik ykdysady işleriň ähli görnüşleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we merkezleşdirilen görnüşde dolandyrylmagyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şunda şahsyýetleşdirilen önümçilik we sarp ediş bazarlary hem ösdürilýär. Sanly ulgam söwda kärhanalary sarp edijiler barada maglumatlary toplamaga, söwdany guramak işini kämilleşdirmäge, dürli önümlere bolan islegleri seljermäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmekde, sowatlylygy artdyrmakda we tehnologiýalar bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmakda ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumyadamzat ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

Aýna ÇOPANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok