Türkmen manady 30 ýaşady!

Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.

Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýan manadyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny we netijeli bank işini alyp barmakda wajyp orny eýeledi. Çünki bu hereketlendiriji maliýe guraly, bank ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna we tutuş ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegine netijeli ýardam berýär. Netijede, türkmen milli manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Häzirki wagtda milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan, Garaşsyzlygymyzy, döwletliligimizi şöhlelendirýän özboluşly nyşanlaryň biri hökmünde göz öňümizde janlanýar.

2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadyň denominasiýasynyň geçirilmegi onuň hümmetini durnukly saklamakda oňyn netijeleri döretdi. Şundan ugur alnyp, manadyň goraglylygyny we satyn alyp bilijilik ukybyny ýokarlandyrmak hem-de halkara ülňülere laýyk getirmek boýunça ýerine ýetirilen çäreleriň netijesinde, 2012-nji, 2014-nji hem-de 2017-nji ýyllarda modifisirlenen banknotlaryň dolanyşyga girizilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Goý, türkmeniň milli manady her bir türkmen maşgalasyna egsilmez rysgal we döwlet getirsin!

Myrat TEKÄÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Telekommunikasiýalar
fakultetiniň Aragatnaşyk torlary we
kommutasiýa ulgamlary hünäriniň 2-nji talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok