Türkmenistanda “CZN Burak” restorany açylar!

Meşhur türk aşpezi Burak Özdemir Türkmenistanda öz restoranyny açar. Bu barada Ankarada geçirilen türkmen-türk işewür forumunda bellenilip geçildi.

CZN Burak ady bilen meşhur bolan Burak Özdemir 1995-nji ýylyň 24-nji martynda Türkiýäniň İstanbul şäherinde doguldy. Ol Anadolu uniwersitetini üstünlikli tamamlap, 2009-njy ýylda kakasynyň goldawy bilen Türkiýeniň Hataý şäherinde ilkinji restoranyny açdy. Birnäçe ýylyň içinde ol özüniň güler ýüzi we ajaýyp tagamlary bilen jemgyýetçilik mediýada we durmuşda birnäçe adamlaryň ünsüni özüne çekmegi başardy.

Häzirki wagtda Burak Özdemiriň Birleşen Arap Emirliklerinde, Täjigistanda we Katarda restoranlarynyň şahamçalary hereket edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Özdemiriň restoranyna Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, aýdymçy Iggi Azaliýa, futbol oýunçylary Kriştianu Ronaldu we Dani Alwes, garyşyk söweş sungatynda çykyş edýän Habib Nurmagomedow ýaly dünýä belli adamlar baryp gördüler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok