Messi sekizinji “Altyn topuny” gazandy

Argentinaly hüjümçi Lionel Messi sekizinji gezek «Altyn topa» eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, “Altyn top” baýragy “France Football” žurnaly tarapyndan dünýäniň iň gowy oýunçysy üçin berilýär. Bu baýrak “France Football” hepdelik žurnalynyň baş redaktory Gabriel Ano tarapyndan esaslandyryldy. Bu baýrak ilkinji gezek 1956-njy ýylda Angliýanyň “Blekpul” klubunyň oýunçysy Stenli Mettýuza berildi, baýragyň eýesini futbol žurnalistleri kesgitlediler.  2020-nji ýylda “Altyn top” baýragynyň gowşurylyşy taryhda ilkinji gezek ýatyryldy, munuň sebäbi hem koronawirus pandemiýasy boldy.

Lionel Messi häzir 36 ýaşynda. Ol klub derejesinde “Inter Maýami” amerikan klubunda çykyş edýär. Messi “Altyn topuň” sekizinji gezek eýesi boldy, bu rekorddyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, Messi 2018 ― 2019-njy ýyllaryň futbol möwsüminiň iň gowy futbolçysy hökmünde saýlanyp, «The Best» baýragyna hem mynasyp boldy. Ol «La Ligada» we Çempionlar ligasynda iň gowy hüjümçi adyna eýe boldy, Ýewropanyň iň gowy oýunçysy adyna eýe bolup, «Altyn butsy» baýragyny hem aldy.

Eziz AZYMOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok