Roskosmosyň kosmonawtlary 8 sagatlyk kosmos işini üstünlikli ýerine ýetirdiler

Halkara kosmos stansiýasynda nobatçylyk edýän Roskosmosyň kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub modula täze enjam gurnamak üçin takmynan 8 sagatlyk kosmos işini üstünlikli ýerine ýetirdiler.

Roskosmosyň kosmonawtlary “Poisk” modulyndan çykyp, “Nauka” modulyna geçdiler we modula kiçi emeli hemra (nano hemra) şeýle-de aragatnaşyk enjamlaryň ulgamlaryny gurnadylar.

Meýilnama laýyklykda, kosmonawtlaryň bu işi 6 sagat 52 minutda ýerine ýetirmegi göz öňünde tutulýardy, emma hemra ulgamynyň doly ýerleşdirilmänligi sebäpli bu iş 7 sagat 41 minutda tamamlandy. Şeýlelik bilen Oleg Kononenko altynjy gezek, Nikolaý Çub bolsa ilkinji gezek kosmos ýörişini amala aşyrdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenkonyň kosmosda iň uzak wagt bolmak boýunça rekord goýmaga taýýarlanýar. Bu ekspedisiýa Oleg Kononenko üçin aýratyn ähmiýetli, sebäbi ol kosmonawtlaryň arasynda kosmosda geçirilen umumy wagt boýunça rekord eýesi bolar. Onuň uçuşy 375 gün dowam eder, şondan soň kosmosda jemi müň günden gowrak wagt bolmak netijesi bilen Ýere gaýdyp geler.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenabat şäherinde doglup, orta mekdebi şol ýerde tamamlady we soňra Çärjewiň birleşen awiatoparynyň awiasiýa tehniki bazasynda işledi. Türkmenistanyň Gahrymany diýen ada we Altyn Aý altyn medalyna mynasyp boldy, Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin “Prezident ordeni” bilen sylaglandy.

Hoşgeldi AKYNOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok