Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwürlere nusgalyk alyp barýan beýik işleriniň netijesinde eziz Watanymyz hemmetaraplaýyn ösüşdir özgerişlere beslenýär. Jemgyýetçilik durmuşymyzy gurşap alýan möhüm wakalar, guwandyryjy netijeler köňülleri joşdurýar hem buýsandyrýar. Medeni ugurda alnyp barylýan asylly işler merdana halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, medeni mirasyna uly sarpa goýulýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Gözbaşyny heňňamlardan alyp gaýdýan şeýle gymmatlyklarymyzyň hatarynda wepaly türkmen alabaýy mynasyp orny eýeleýär. Çünki türkmen alabaýy halkymyzyň sungat kämilligine ýetiren gymmatlygy bolup, muny bu gadymy tohumyň gelip çykyşynyň hem-de biziň günlerimize çenli ösüşiniň taryhyna bagyşlanan ajaýyp kitaplar aýdyňlygy bilen şöhlelendirýär. Mähriban halkymyzyň durmuşynda türkmen alabaýynyň eýeleýän orny diýseň uludyr. Itşynaslygyň milli usullary we däpleri babatda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp kitabynda giňişleýin berlip, onda türkmen alabaýynyň dünýä medeniýetini döretmäge goşan goşandy açylyp görkezilýär. Türkmen alabaý itlerini dünýä ylmynyň gazananlarynyň usullaryny peýdalanmak arkaly, itşynaslygyň iň gowy ýörelgelerini artdyrmak möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda ýola goýulýan halkara gatnaşyklary hem eziz diýarymyzyň milli we umumadamzat gymmatlyklaryny gorap saklamaga, halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň esasynda hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine esas döredýär. Halkymyzyň medeni hem-de ruhy gymmatlygy bolan alabaý itlerini köpeltmegiň milli aýratynlyklarynyň dünýä derejesindäki ähmiýetini ýokarlandyrmak maksady bilen netijeli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzda döredilip berilýän giň mümkinçilikler paýhasly ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda ösdürip ýetişdiren alabaý itleriniň şöhratly taryhyny dowam etdirmek bilen olaryň tohumyny gowulandyrmak boýunça netijeli işlere ýol açýar. Halk seçgiçileriniň bu naýbaşy ýörelgelerini täsin sungat hökmünde nesilden-nesle geçirmek ugrundaky başlangyçlar hem ýola goýulýar. Bu gün milli itşynaslygyň asylly däpleri mynasyp dowam etdirilip, döwrebap derejede kämilleşdirilýär. Bu bolsa milli mirasymyz bolan alabaý itleriniň mundan beýläk-de dünýä jemgyýetçiliginde wagyz edilmegine şert döredýär. Şeýle beýik başlangyçlar milli mirasymyza, milli hem ruhy gymmatlyklarymyza bolan buýsanjymyzy has hem goşalandyrýar.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler