Halk arasynda aýdym-sazyň piri hasaplanýan Aşyk Aýdyň maslahat sorap ýanyna baran adamlara degerli maslahat berýän, il arasynda uly hormatdan peýdalanýan şahsyýet hökmünde tanalypdyr. Ol köp ugurdan ylymly, sungata tebigy zehinli adam bolupdyr. Aşyk Aýdyň piriň özi hakynda maglumatlaryň az bolandygy sebäpli, onuň keşbini dessanlaryň üsti bilen görüp bolýar.
Bu beýik şahsyýetiň keşbi meşhur «Görogly», «Nejep oglan» dessanlarynda, Gorkut atanyň hekaýatlarynda aýdyň görkezilýär. Aşyk Aýdyň pir ökde sazanda, kyssaçy, halk döredijiliginiň wagyzçysy hökmünde tanalypdyr. Onuň bilen köp ýurtlaryň hökümdarlary geňeşipdirler.
Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň çägini aralap geçýän uly ýoldan çepe öwrüm edip, esli ýöräniňden soň, giňiş düzlükde howalanyp oturan, dört gyraňy memmerli metjide nazaryň kaklyşýar. Aşyk Aýdyň piriň äleme dolan meşhur ady mübäreklenip, geçen asyryň ahyrynda bina edilen bu metjide barýan ýoluň ugrunda türkmen dutarynyň äpet heýkeli bar.
Adamlaryň ynamlaryna görä, Aşyk Aýdyň piriň zyýaratgähinde ýatan adamyň düýşüne pir girip, oňa bir käse suw berse, ol adam belli sazanda ýa-da bagşy bolarmyş. Akyldar diňe bir türkmen halkynda däl, eýsem türki döwletleriň ählisinde hem bagşy-sazandalaryň piri hasaplanylýar. Ussat halypadan — Aşyk Aýdyň pirden ak pata almak asylly däp bolupdyr. Şeýle däp häzirki döwürde hem bagşy-sazandalaryň arasynda dowam edýär.
Daňatar AKMÄMMEDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler