Türkmenistan Bütindünýä maýa goýum forumyna we halkara sergisine gatnaşýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri şu ýylyň 16-20-nji oktýabry aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilýän sekizinji Bütindünýä maýa goýum forumyna we halkara sergisine gatnaşýar.

Forumyň esasy maksady durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin dünýäde bar bolan we ýüze çykýan maýa goýumlaryny we ösüş meselelerini çözmek üçin gepleşikleri hem-de çäreleri ösdürmek bolup durýar. Bütindünýä maýa goýum forumy Abu-Dabi şäheriniň Milli sergi merkezinde (ADNEC) “Durnukly ösüşe maýa goýmak” mowzugy astynda geçirilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, sekizinji Bütindünýä maýa goýum forumy pikir alyşmak we möhüm hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen dünýäniň 160 ýurdundan 7000-den gowrak wekilleri, ýolbaşçylary we maýa goýum hünärmenlerini bir ýere jemledi.

Bütindünýä maýa goýum forumy UNCTAD 2023 – döwlet we hökümet baştutanlary, kompaniýanyň ýolbaşçylary, ministrler we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary derejesinde gyzyklanma bildirýän taraplaryň gatnaşmagynda iki ýyldan bir gezek geçirilýän forum bolup durýar.

Tawus DURDYKULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok