Sagdynlyk — ruhubelentligiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan sport syýasatynyň gadamlary batlanýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşary ýurtlarda geçirilýän iri sport ýaryşlarynda türgenlerimiziň gazanýan uly üstünlikleri baradaky hoş habarlaryň ýurdumyza yzygiderli gelip gowuşmagy türkmen sportunyň bedew bady bilen ösýändiginiň, munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändiginiň anyk netijeleridir. Şeýle hem dünýä derejesinde iri halkara sport ýaryşlaryny geçirmäge ukyply döwlet hökmünde ykrar edilen Türkmenistanda bu babatdaky milli strategiýanyň iş ýüzündäki ajaýyp beýanydyr. Türkmen türgenleri 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda halkara sport ýaryşlarynyň 70-den gowragyna gatnaşyp, 111 altyn, 102 kümüş, 155 bürünç medala mynasyp boldular. Soňky geçen iki aýdan gowrak döwürde türkmen türgenleri dünýä we yklym derejeli ýaryşlaryň, şeýle hem halkara bäsleşikleriň birnäçesinde şowly çykyş etmek bilen medallaryň sanyny ynamly artdyrýarlar.

Türkmenistan — sport ýurdy. Bu jümläniň döwrümiziň, durmuşymyzyň ajaýyp hakykatydygyna Diýarymyzyň sport babatynda ýeten halkara üstünlikleriniň, ýurdumyzyň çar künjeginde gurlup, ulanylmaga berlen stadionlaryň, köpugurly sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň, bedenterbiýe we sagaldyş toplumlarynyň hem-de beýleki sport maksatly binalaryň mysalynda bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirýäris.

Sporty baky hemra edinmekde görelde bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Türkmen sportuny dünýä ýüzüne tanatmakda alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin!

Röwşen GARAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Bedenterbiýe mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok