Hytaýda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirilýär

Mälim bolşy ýaly, şu günler Hytaýda ýurduň möhüm diplomatik çäresi bolan «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahaty geçirilýär. Forumy guraýjylar, esasy çäre bilen bir hatarda, dürli görnüşli ýene-de birnäçe konferensiýany ugurdaş geçirmegi zerur hasapladylar.

Hünärmenler goşmaça forumlarda Aziýa sebitiniň söwda gatnaşyklary, ilatyň arasyndaky baglanyşyk, analitiki merkezleriniň alyş-çalşygy, arassa ýüpek ýoly, sebitleýin hyzmatdaşlyk we deňiz gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere serederler.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu gezek hem Pekinde geçirilen analitikler konferensiýasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hünärmenleri çagyryldy. Türkmen wekiliýeti 17-nji oktýabrdan 26-njy oktýabr aralygynda geçiriljek ýörite foruma gatnaşmak üçin Pekine gitdiler. Olar beýleki ýurtlaryň kärdeşleri bilen bilelikde foruma gatnaşarlar, onuň çäginde sebitde parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, hemmetaraplaýyn ösüş meseleleri boýunça derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Analitik forumyň çäginde gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça öňdebaryjy hünärmenler bilen köp sanly duşuşyk geçirerler we Hytaýyň ýöriteleşdirilen merkezlerine baryp görerler.

Gunça ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok