Türkmenistanda Tatarystanyň Medeniýet günleri geçirilýär

17-nji oktýabrda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasynyň çäklerinde döredijilik çäreleri, şol sanda sungat ussatlarynyň konserti, tatar senetçileriniň däp bolan çeper sergisi, şeýle hem Tatarystan Respublikasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerine bagyşlanan surat sergisi guraldy.

Mälim bolşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen we tatar halklary doganlyk gatnaşyklary saklap gelýärler. Olary ruhy däpler, medeni gymmatlyklarynyň umumylygy birleşdirýär. Türkmenistanda hem-de Tatarystanda aýratyn şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän, aýalyp saklanýan milli baýramçylyklar munuň aýdyň beýanydyr. Olarda halklaryň ajaýyp ýörelgeleri, aýdymlary, tanslary, özboluşly däp-dessurlary bir ýere jemlenýär.

Giň gerimli dabara medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary we doganlyk tatar halkynyň sungatynyň muşdaklary şeýle-de myhman wekiliýetiň düzüminde medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Tatarystan Respublikasynyň döwlet edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti bilen tamamlanar.

Şanur GURBANGYLYJOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok