Çagany söýmeýän, ony ezizlemeýän millet, halkyýet dünýäniň hiç bir ýerinde ýok bolsa gerek. Ýöne “Bal süýji, baldan-da bala süýji”, “Öý ýaraşygy-çaga, supra ýaraşygy-myhman”, “Çagaly öý-bazar, çagasyz öý-mazar” diýip belläp geçen ata-babalarymyzyň çagalara bolan mähir-muhabbeti, olaryň terbiýe ulgamyna ulaşyp aýratyn häsiýete eýe bolan. Dana pederlerimiz olary näçe söýseler-de, çaganyň terbiýesini ilkinji orna goýupdyrlar. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” ýa-da “Terbiýesiz çaga-baş öwredilmedik at” diýen ýaly nakyllar munyň aýdyň mysaly bolup biler.
Çaga terbiýesi maşgaladan başlanýar. Maşgala agzalary, esasan hem ata-eneler dünýä ýaňy akyl ýetirip başlan pamyk deý päk çagajygyň görüm-görelde, edep-ekram alýan ilkinji we baş mekdebidir. Terbiýäniň kämil ulgamyny işläp düzen türkmen halky, nesil terbiýesini has ir döwürden-heniz çaga ene göwresindekä başlapdyrlar. “Toýly” gelni ýaman gözden, gep-gybatlardan daşda saklapdyrlar. Enäniň fiziki hereketi we ruhy ýagdaýy gönüden-göni göwredäki çaga täsir edýändigini häzirki zaman ösen lukmançylyk ylmy subut etdi. Her bir ata-ene täze dünýä inen çagajygyň görüm-göreldesine, aň we beden taýdan sagdynlygyna doly jogapkärçilikli duýup, ony mähirden, söýgüden doly alada bilen gurşap alypdyrlar.
Türkmen halky terbiýe örän inçelik we seresaplylyk bilen çemeleşipdirler. Halk döredijiliklerimiz, milli oýunlarymyz, aýdymdyr-sazymyzyň esasy özeni akyl, watançylyk, ynsanperwerlik, gözellik terbiýeleri bolan. Edebiň başy salam hasaplaýan halkymyz, çaga salamlaşmagyň kadalaryny öwredipdirler. Diňe bir adamlara däl, suwa, täze barlan öýe, ýere, Aý-Güne salam bermek pederlerimizden galan mirasdyr. Türkmen halk ertekilerinde baş gahrymanlar döwlere, aždarhalara, jadygöýdir dürli haýwanlara salam berýärler, şonda olar “Munça salam bermedik bolsaň, iki üzüp, bir ýalmardym” diýip jogap berýärler. Bu bolsa salamyň örän möhümdigini tassyklaýar.
Çaga diýseň duýgur hem-de bilesigeliji bolýar. Şol sebäpli hem ol daş-töweregindäki gowy we erbet zatlary tiz kabul edýär. Maşgalada ilkinji we iň esasy terbiýe mekdebini dogry geçen çaga zyýanly endiklerden, ýaramaz hereketlerden daşda durýar.
Merjen ATDAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
daşary ýurt dillerini okatmagyň
usulyýeti ugrunyň magistranty.
Teswirler