Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) çäklerinde 2024-nji ýyly türki dünýäde «Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly» hem-de taryhy türkmen şäheri bolan Änewi 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek hakynda Türkmenistanyň teklibiniň goldanylmagy taryhy we kökleri umumy bolan goňşularymyzyň we doganlyk halklaryň agzybirligini, jebisligini berkitmekde Türkmenistanyň has ynamdar hyzmatdaşdygynyň ykrarnamasy bolup durýar. Bu çözgüt gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň eserleri umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasydyr. Onuň halkymyzyň ahlak kadalaryna öwrülen pähim-parasatly jümleleri halk arasynda nakyllara öwrülip gidipdir. Şeýle parasatly danany beren türkmen topragy geçmişde azym-azym şäherleri guran gerçek pederlerimizden bize miras galan taryhy ýadygärliklere hem baýdyr.
Änew — taryhy asyrlara uzaýan gadymy künjek. Seýit Jemaleddin ýadygärlik toplumy, gadymy Änewiň galalary we beýleki taryhy ýerler bu topragyň gadymy şan-şöhratyndan habar berýär. Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen Gadymy Änewiň taryhy depelerinden 5 müň ýyl mundan öň ösdürilip ýetişdirilen ak bugdaýyň däneleri tapylýar. Bu bolsa Änew düzlüginiň ak bugdaýyň ilkinji mekanynyň bolandygy hakdaky taryhy hakykaty ýüze çykarýar.
Geçmişde dürli atlar bilen meşhur bolan gadymy Änewiň taryhy bilen gyzyklanýanlar Milli «Ak bugdaý» muzeýinden özlerine täsirli maglumatlary tapyp bilýärler. Änew şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän bu muzeý ak bugdaýyň şanyna gurlan dünýäde ilkinji muzeýdir. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda bina edilen bu ajaýyp muzeýde taryhy tapyndylaryň, gymmatlyklaryň müňlerçesi saklanýar.
Eziz Watanymyzyň abraý-mertebesini belende galdyrýan, milli mirasymyzy, milli medeniýetimizi gözüň göreji deý goramaga, ony döwrebap dikeltmäge we bütin dünýäde wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarys.
Aýna GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler