Ene- bu sözde üýtgeşik many, ýyly mähir, owadanlyk bar. Her bir ynsanyň ýüreginde ýaşaýan bu mähriban söz bize güýç-kuwwat berýär, kalbymyza nur çaýýar.
Ene-bu mukaddeslikdir. Enäniň mährini, söýgüsini, hatda gaharyny hem dünýä malyna çalşyp bolmaz. Bular elýetmez baýlykdyr. Enäniň mähir doly ýüreginden çykýan hüwdüler bolsa sungatyň iň beýigidir, naýbaşysydyr. Çünki ol enäniň çagasy üçin ýüreginde beslän päk arzuw-umytlarynyň çemenidir. Her bir ene öz çagasyny hüwdüläninde, onuň akylly, terbiýeli, ilhalar ynsan bolup ýetişmegini arzuwlap, şol niýetlerini hem öz hüwdüsine siňdirip, perzendine ýetirýär.
Her bir türkmen öýünde perzent terbiýesine aýratyn üns berilýär. “Çaga eziz, edebi ondanam eziz” diýen halkymyzda nesil terbiýesi ene göwresinden başlanýar. Hüwdüler hem entek mana düşmez çagajyga ilkinji edep, ahlak “sapaklaryny” berýär. Hut şonuň üçin-de oglanjyklar hüwdülenilende olary mertlik, gaýduwsyzlyga, watansöýüjilige çagyrylsa, gyzjagazlary asyllylyga, zähmetsöýerlige, päk ahlaklylyga ündeýär. Görnükli şahyrymyz G.Ezizowyň “Uzak ýaýladaky enäniň hüwdüsi” goşgusy türkmen zenanlarynyň ogullaryna hüwdüsi bolup ýaňlanýar:
Kim serer kak-gurduny,
Kim söýer halk merdini,
Derdiňi men göterýän,
Sen göter il derdini
Her bir ynsan ene hüwdüsiniň owazy ilen ulalyp, bu dünýä akyl ýetirýär. Enäniň şirin sözleri, tämiz arzuwlary bilen ulalan oguldyr-gyzlar ilkinji terbiýe mekdebini geçýärler. Her bir adamyň mynasyp şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde maşgala terbiýesiniň ähmiýetini aýdyp oturmagyň geregi ýok bolsa gerek. Maşgala terbiýesiniň esasy eneler bolup durýar, onuň ilkinji basgançaklarynyň biri bolsa ene hüwdüsidir.
Ýagşy arzuw-niýetlere ýugrulan hüwdüleri eşiden ynsanlar heniz sallançakda ýatan balajyk mysaly bu dünýäniň ähli aladalaryny unudyp, bir pursatlyk hem bolsa enesiniň ýyly mährini gün kibi çoýup, onuň söýgüsine meýmireýär. Şeýle gudratly owazlar hemişe, her bir öýde ýaňlanyp dursun!
Aýgül JANGULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler