Ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen alabaýlaryny goramak we köpeltmek, tohum arassalygyny saklamak hem-de ösüp gelýän ýaş nesillere pederlerimizden miras galan itşynaslyk sungatyny öwretmek şeýle il bähbitli işleriň sanawyny artdyrýar.
Türkmen alabaýy gaýduwsyzlygy, batyrlygy, owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Çopanyň iň wepadar ýoldaşy onuň alabaý itidir. Türkmen alabaýlary adamlaryň diňe bir kömekçisi, emläginiň ygtybarly goragçysy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda wepaly dostuna öwrülipdir.
Türkmen alabaýy duýgurlykda hem tapawutlanýar. Kerwenler dürli ýurtlara gidenlerinde ýanlary bilen alabaý iti alyp gidipdirler. Ol kerweniň gapdaly bilen ylgap, kerweni howpdan gorapdyr.
Daňdanakanda gazuw-agtaryş işleri geçirilende alabaýyň heýkeljigi ýüze çykaryldy. Altyndepede eneolit, irki we ösen bürünç eýýamynyň medeni gatlaklaryndan ýasy tumşukly, ägirt uly kelleli itlere degişli süňkler tapylypdyr. Marguş şalygynyň ajaýyp ýadygärlikleriniň biri bolan Ajyguýuda arheologik barlaglaryň dowamynda alabaýyň mazaryna duş gelnipdir. Bu bolsa ata-babalarymyzyň gadymdan bäri türkmen alabaýlaryny saklandyklaryny aňladýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Tükmen alabaýynyň baýramy bellenilip geçilýär.
Aýlar NURLYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler