Sport – saglyk we ruhubelentlik

Halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şol tagallalaryň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrýandygy bizi diýseň begendirýär. Sebäbi indi sportuň dürli görnüşlerine höwes bildirýän, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerýän ýaşlaryň hatary görnetin artdy. Olaryň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklary aýdyň ýüze çykyp, uly tejribe toplaýarlar.

Hakykatdan hem, gurlup, ulanylmaga berilýän sport desgalaryny göreniňde, geçirilýän sport çäreleriniň guramaçylyk derejesine üns bereniňde Türkmenistan Watanymyzyň sagdynlygyň ýurdudygyna, sportuň dabaralanýan, bedenterbiýäniň şöhratlanýan mekanydygyna magat göz ýetirýärsiň.

Ruhy we beden taýdan sagdyn nesilleriň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyga beslensin!

Myrat ATABALLYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Bedenterbiýe
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok