Sanly ulgam — çäksiz mümkinçilik

Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary, öňdebaryjy halkara tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ýokary ykdysady netijeler gazanylýar. Ykdysady we durmuş gatnaşyklarynyň täze ulgamy depginli ösdürilýär. Şeýle ösüşler bolsa, dünýä senagat önümçiliginde bolup geçen özgerişliklerden oňyn netije çykarmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan döwletimizde sanly ulgamyň ösdürilmegi ykdysady ulgam bilen bir hatarda, ylym-bilim, maglumat giňişligi, mahabatlandyrma, hyzmatlar ýaly ugurlarda hem oňyn netijeleriň gazanylmagyna ýardam berýär. Häzirki wagtda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi we döwlet edaralarynyň binýadynda täze internet saýtlarynyň döredilmegi muny dolulygyna tassyklaýar. Ýurdumyzda mahabatlandyrma has-da döwrebaplaşdyrylýar, ilata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň elýeterliligi gazanylýar we hyzmatlar ulgamy netijeli işleýär.

San­ly gur­şa­wyň dö­re­dil­me­gi ra­ýat­la­ra ýo­ka­ry hil­li we döw­re­bap bi­lim al­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­red­ýär. Giň göz­ýe­tim­li öz ug­run­dan us­sat­lar­ça baş alyp çyk­ýan mu­gal­lym­la­ryň, ylym-bi­li­me hö­wes­li us­sat hü­när­men­le­riň we hö­wes­li ta­lyp­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi ul­gam üçin wa­jyp we­zi­pe bo­lup dur­ýar.

Eziz Diýarymyzda döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen ynsanlaryň durmuşyny ýeňilleşdirýän işleriň amala aşyrylmagy buýsandyryjydyr. Şu ugurda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!

Tirkiş ŞALLYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok