Kino sungaty şu günki günde adamzadyň gazanan iň uly gymmatlyklarynyň biridir. Ol sungatlaryň arasynda iň ýaşlarynyň biri bolup, beýleki beýik sungatlaryň birleşmeginden gelip çykan medeni baýlykdyr.
Kino sungatynyň naýbaşy hünärleriniň biri kinorežissýorlykdyr. Režissura şeýlebir gyzykly, şeýlebir ajaýyp hünär. Ýöne örän düşündirmesi kyn ders. Ol köp ylym-bilimleri öwrenmegi, edebi eserleri okamagy, dünýä filosoflarynyň pelsepesine düşünmegi, öz halkynyň taryhyny, däp-dessuryny, umuman, durmuşy şeýle oňat bilmegi talap edýän kär. Režissura barada şu güne çenli dünýäde ýekejede ýörite okuw kitabynyň ýazylmanlygy muňa güwä geçýär.
Kinorežissýor köp ugurly zehini özünde birleşdirýän hudožnikdir. Režissýor zehinli ýazyjy hem zehinli okyjy bolmaly. Ol okan çeper eserinden dünýä belli kinolary döredýär. Režissýoryň özi gowy kinossenarileri ýazyp, hemmeleriň söýgüsini gazanýan filmleri surata düşürmegi başarmaly. Režissýor – hudožnigiň, heýkeltaraşyň gözi bilen görüp bilmeli. Režissýor edil kompozitor ýaly, durmuşy eşitmäni başarmaly. Kompozitoryň eşidişi ýaly, durmuşyň ähli pelsepesini öz içine alýan sazlary eşitmäni başarmaly.
Kinorežissýoryň hudožnik, operator bilen dörediljek täze filmiň üstünde işleýşi barada soňra giňişleýin gürrüň ederis. Häzirlikçe, gysgaça, durup geçsek: Ol operator, hudožnik bilen geljekki dörediljek kinonyň manysyny maslahatlaşyp, öz pikirini düşündirenden soň, olaryň hersini öz etmeli işlerini ýerine ýetirmäge çagyrýar. Hudožnik bilen gurulmaly dekorasiýada yşyk meselesini, geýimleriň nähili görnüşde bolmalydygyny maslahatlaşyp, şol işleriň haçan taýýar bolmalydygyny çözýär.
Operator bilen ilkinji gürrüňde filmiň many aýratynlygy, dekorasiýa, yşyk goýmagyň köpdürli görnüşlerinden haýsysyny saýlap almalydygy barada belli bir netijä gelinýär. Görnüşleri kadrlara bölmek işi başlanýar. Şol kadrlaryň kompozisiýasy, umuman, filmi döretmekdäki esasy maksatnama yzarlanýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda ýurdumyzda, «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirilýär. Bu kinofestiwal halklaryň durmuşy, ýaşaýyş medeniýeti we aň-paýhas düşünjesi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Merjen YMAMOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler