Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimiziň ösdürilmegine, dünýä ýüzüne ýaýylmagyna uly ähmiýet berilýär. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan şöhratly taryhymyzda görnükli yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň sarpasy belentde tutulýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasaty bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň has-da belende göterilýär. Gündogaryň akyldar şahyry dana Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň şanyna ýaýbaňlandyrylýan ajaýyp toý-dabaralary döwürleriň hem ömürleriň, nesilleriň arasyndaky mizemez baglanyşygy üpjün edýär. Şu mynasybetli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde dabaraly maslahatlar, köpugurly sergiler, döredijilik duşuşyklary guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Her bir sözi pähim-paýhasy ummany, kämil edebi döredijiligi bilen dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez döredijiligi, onuň döreden ajaýyp eserleri döwürleriň heňňamynda, nesilleriň kalbynda müdimilik ýaşaýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik Pyragynyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli döreden täze goşgusy hem ähli watandaşlarymyzy tüýs ýürekden buýsandyrdy.
Şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabadyň ajaýyp künjeginde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň bina edilmegi ýurdumyzda akyldar şahyryň çeper döredijilige aýratyn sarpa goýulýandygyny aýdyň äşgär edýär.
Pähim-paýhas ummanyna deňelýän, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesiller üçin örän uly terbiýe mekdebidir, bahasyna ýetip bolmajak hazyna, durmuş sapagydyr. Şeýle-de sanly we neşir görnüşindäki “Magtymguly Pyragy diwanyny” taýýarlamak, sanly tehnologiýalar arkaly şahyra degişli ähli maglumatlary özünde jemleýän ilkinji “Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny” döretmek üçin hem degişli işler üstünlikli alnyp barylýar. Magtymgulynyň şygyrlarynda watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk, ynsan mertebesini belende götermek ýaly asylly häsiýetler giňden beýan edilýär. Şahyryň edebi mirasynyň nesil terbiýesindäki terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Pyragynyň ajaýyp, çuňňur many-mazmunly eserleri ýaşlaryň dilleriniň senasyna, kalplarynyň buýsanjyna öwrülýär. Çünki Gündogaryň beýik akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi bilen ynsan kalbynda baky orun aldy.
Parahat NURULLAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler