Suwda ýüzmegiň peýdasy

Suwda ýüzmek — sportuň özboluşly görnüşi bolup, dünýäde we biziň ýurdumyzda meşhur hasaplanylýar. Onuň aýratynlyklary suw gurşawyndaky fiziki işjeňlik bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýda adam bedenine, bir tarapdan, fiziki maşklar, beýleki tarapdan suw gurşawy täsir edýär. Suwuň dykyzlygynyň howanyň dykyzlygyndan ýokarydygy sebäpli, adamyň bedeni agyrlyk ýagdaýyna meňzeş duýgulary başdan geçirýär. Bu bolsa adama agyrlyk güýjüne garşy rahat ýagdaýda bolmaga mümkinçilik berýär.

Adam suwda ýüzen wagty elleri kömege gelýär, netijede, tutuş bedeni hereketde bolýar, döş, egin arkaly myşsalaryna täsir edýär. Aýaklar hereketlendiriji güýç bolup, olaryň myşsalary güýçlenýär we ösýär. Göwnüçökgünligi ýeňilleşdirýär, köşeşdirýär, adamyň bedeniniň garramagyny haýallandyrýar. Suwda ýüzmek kaloriýany we ýagy ýakýar. Meselem, adam günde 30 — 45 minut howuzda geçirmek bilen, beden ýagyny has çalt ýakmaga kömek berýär. Suwuň temperaturasynyň täsiri beýniniň gan üpjünçiligini gowulandyrýar. Bedeniň töweregine ýuwaşjadan suw akyp, deriniň we myşsalaryň nerw uçlaryny owkalama edýär, bu-da nerw ulgamyna peýdalydyr. Ýaglylygy aýyrýar, köşeşdirýär. Adam ýüzenden soň, ukusyny oňat alýar, ýady gowulaşyp, ünsi durlanýar, şeýle-de gündelik durmuşda zerur bolan ruhy saglygyň döremegine goşant goşýar.

Bedeniň töweregine ýuwaş-ýuwaşdan akýan suw, deriniň we myşsalaryň nerw uçlaryny owkalama etmek bilen, merkezi nerw ulgamyna peýdaly täsir edýär, köşeşdirýär, ýadawlygy aýyrýar. Ýüzmekden soň, adam has aňsat we gowy uklaýar, ünsi we ýady gowulaşýar. Suwda ýüzmek gündelik durmuşda zerur bolan emosional şatlygyň döremegine goşant goşýar. Şeýlelikde, suwda ýüzmek adam bedenine köpugurly oňyn täsir edýär. Dynç alyş maksatly ýüzmek ähli ýaşlylar üçin mümkindir. Suw bilen yzygiderli aragatnaşyk sowuklamanyň öňüni almagyň iň oňat serişdesidir. Şeýle hem sportuň bu görnüşi erk-islegi we fiziki çydamlylygy ösdürmäge kömek edýär.

Kakageldi KAKABAÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok