Döwlet baştutanymyz «Arkadag» medaly bilen sylaglandy

Düýn, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguz han” köşkler toplumynda Döwlet baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag” medaly bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada türkmenistan.gov.tm habar berýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýagşy niýet bilen adamy mertebelemek, hemaýata mätäçlere goldaw bermek mukaddes ýörelgä öwrülýär.

«Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, adam bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende göterip, adalatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek, adamkärçilik, haýyr-sahawatlylyk, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasynda döredilip, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny wagyz etmek, bitiren hyzmatlaryna sarpa goýmak maksady bilen döredildi.

Ýurdumyzyň ynsanperwer durmuş syýasatyny durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermäge, meýletinçilik hereketini ösdürmäge uly goşant goşan, howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da, çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp, doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde görnükli işleri bitiren, durmuş çygryny ösdürmäge, meýletinçilik guramalarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmäge goşant goşan ýurumyzyň raýatlary sylaglanyp biliner.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok