Ýewropada tebigy gazyň bahasy ýokarlanýar!

Dünýäde dowam edýän käbir çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli Ýewropada gazyň bahasy 12,5 göterim ýokarlandy.

Gollandiýada ýerleşýän wirtual tebigy gaz söwda nokady, noýabr aýynda bir megawat sagat tebigy gazyň bahasynyň oktýabr aýynyň başyna 43,9 ýewro bolandygyny şu gün bolsa bir megawat sagat tebigy gazyň bahasynyň 49,7 ýewro çenli ýetendigini mälim etdi.

Tamar ýatagynda tebigy gaz önümçiligi geçen ýyl 2021-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18 göterim artyp, 10,2 milliard kub metre ýetdi. Bu ýatak, peýdalanylýan tebigy gazyň 70 göterimini kanagatlandyrýar. Mundan başga-da, ýatakdan öndürilýän tebigy gazyň bir bölegi Müsüre eksport edilýär. Müsür bu tebigy gazy suwuklandyrylan tebigy gaza (LNG) öwürýär we Ýewropa eksport edýär.

Tamar gaz ýatagynda önümçiligiň togtadylmagy bilen gaz importy 20 göterim peseldi. Bu bolsa öz gezeginde tebigy gaz bazaryndaky ösüşlere we bahalaryň üýtgemegine sebäp bolmagyna sebäp boldy.

Kasymmyrat DURDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok