Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi öz işine başlady. Däp bolşy ýaly, sergi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Halkara serginiň açylyş dabarasyna ýolbaşçy düzümler, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Sergä halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk, sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen 30-dan gowrak ýurtdan wekiller gatnaşýarlar. Sergi bilen utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahat bolsa dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny, professorlaryny özünde jemlär.
Ýeri gelende belläp geçsek, halkara sergide döwletimiziň ylym-bilim, sport we saglygy goraýyş ulgamlarynda ýeten sepgitlerini, geljekki ösüş meýilnamalaryny açyp görkezýän giň gerimli sergidäki pawilýonlarda ýörite bölümler döredilipdir. Sergi öz işini üç günläp dowam eder.
Akmeňli ATABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler