Sport — sagdyn durmuşyň ýoly

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, köpugurly stadionlar, sport mekdepleri, türgenleşik zallary hem-de zerur bolan ähli enjamlar bilen üpjün edilen beýleki ugurdaş desgalar bina edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda sport-bedenterbiýe we sagaldyş hereketini ösdürmek ugrunda alyp barýan öňdengörüjilikli başlangyçlary bu günki gün hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabat iri sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu sport çäreler bolsa berkarar döwletimiziň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Karary esasynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzdaky iri sport çäreleriniň ýene biri bolar.

«Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir» diýip, Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, güneşli Diýarymyzda ýaşlara sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda köpugurly sport toplumlary hereket edýär. Şeýle toplumlarda bolsa sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga ähli şertler bar. Bu bolsa ýaşlarymyzyň sagdyn durmuşa, sporta bolan höwesini has-da artdyrýar. Ýaşlarda sporta bolan höwesi gören halypa türgenler, mugallymlar olara has-da ynamly, hyjuwly, çynlakaý çemeleşip, ýaş nesle sportuň inçe tilsimlerini öwredýärler. Ýaşlar hem halypalardan öwrenen usullaryny ýokary çalasynlyk bilen ýerine ýetirip, kämilleşýärler we ussatlyk derejesine ýetýärler. Ussat türgenlerimiz bolsa halkara ýaryşlarynda türkmen Tuguny belentde parladýarlar.

Goý, türkmen sportunyň mertebesi mundan beýlägem belende galsyn! Milli sportumyzy we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek ugrunda irginsiz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asylly maksatlary rowaçlyklara beslensin!

Hakberdi ANNANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok