Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge has-da uly üns berilýär. 8-nji oktýabrda «Türkmenistan — bagtyýar, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň ýurdy» atly şygar bilen bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleriniň geçirilmegine badalga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde guralan bu çäre Aşgabat şäherinde şeýle-de welaýatlarda uly ruhubelentlik bilen başlandy.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz sportuň mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine, ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän syýasaty alyp barýarys» diýen ajaýyp sözleri sport diplomatiýasy arkaly dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň türkmen sportuny köptaraplaýyn ösdürmek babatdaky başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär, olara bil baglaýar. Özlerine bildirilýän beýik ynama mynasyp jogap bermek üçin yhlasyny gaýgyrmaýan ýaş türgenlerimiz bolsa türkmen sportunyň geljeginiň has belent ösüşlere beslenmegi ugrunda yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
Sporty baky hemra edinmekde görelde bolup durýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Türkmen sportuny dünýä ýüzüne tanatmakda alyp barýan ähli işleri rowaçlyklara beslensin!
Kakamyrat SÄHETDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň Bedenterbiýe
kafedrasynyň müdiri.
Teswirler