Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi umman ýaly giň hasaplanylýar. Onuň şygyrlarynda ýaşan döwrüne degişli ähli ugurlar çeperçilik bilen beýan edilýär. Akyldaryň döreden her bir setiri nusga alarlyk, ýaşlara görelde mekdebidir. Dana şahyr Magtymguly Pyragy öz halkynyň erkin-azat ýaşap, bir döwlete gulluk edip, agzybirlikde, jebislikde ýaşamagyny arzuw edipdir. Ol özüniň “Türkmeniň” goşgusynda:
Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,
Göterler ol ykbaly türkmeniň
– diýmek bilen agzybirligiň ähli zatdan ýokardadygyny, il-gün jebis bolanda ýetilmejek sepgidiň ýokdugyny ündeýär.
Magtymguly Pyragy adamyň psihologik aýratynlyklaryny, ajaýyp ruhy dünýäsini çeperçilik bilen beýan etmegi başaran ussatdyr. Sada hem düşnükli, çuň manyly goşgular dilden-dile geçip halkyň kalbynda baky ýaşaýar. Halkymyz öz parasatly ogluna aýratyn hormat goýýar. Ähli türkmen ojagynda diýen ýaly “her setiri köşekli düýe degýän” akyldar şahyryň kitaplary mukaddeslik hökmünde aýratyn hormat bilen seredilýär we okalýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmek, onuň daşary ýurt döwletlerinden tapylan, türkmeniň milli mirasyna degişli bolan golýazmalaryny toplamak, dürli dillere terjime edilen şygyrlaryny neşire taýýarlamak we çap bilen bagly meselelere aýratyn orun berilýär.
2024-nji ýyl türki dünýäde “Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýlip yglan edilmegi hem türkmeniň beýik ogluna goýulýan sarpanyň beýany bolup durýar. Döredijilik älemine aýratyn hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň:
Baş egip külli türkmeniň eziz jana-janyna,
Müň togap bilen biz barýarys ýanyna.
Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
– diýen setirleri akyldar şahyrymyzyň hormatynyň has-da ýokarydygyny beýan edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Merjen BORJAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
psihologiýa-pedagogiki bilimi
ugrunyň magistranty.
Teswirler