Owganystanda birnäçe gezek yzygiderli ýer titremeleri boldy!

Owganystanyň Hyrat welaýatynda bolan ýer titremeleri sebäpli pida bolanlaryň sany 215-e, ýaralylaryň sany 1000-e ýetdi.

ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy tarapyndan berlen beýanatda, 5.5 we 6.2 ball derejesinde iki gezek bolan ýer titremesiniň ýerli wagt bilen sagat 11:00-da Owganystanyň günbatarynda, Hyratda, Eýran bilen serhetde bolup geçendigi habar berildi.

Beýanatda 5.5 we 6.2 ball derejesinde bolan ýer titremesiniň merkeziniň degişlilikde Hyratyň Zinda Can etrabynyň merkezinden 29 we 35 km uzaklykda bolandygy we ýer titremeleriň 11,4 we 10 kilometr çuňlukda ýüze çykandygy mälim edilýär.

Hyrat welaýatynyň häkimligi binalarda we desgalarda uly ýitginiň barlygyny, agyr ýitgi bolanlygyny we jikme-jik maglumatlaryň biraz soňrak paýlaşyljakdygy aýdýar.

“AA”-nyň berýän maglumatyna görä, Tebigy betbagtçylyk Owganystana goňşy döwletlerde hem duýlupdyr.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2022-nji ýylyň iýun aýynda Owganystanyň Paktika welaýatynda bolup geçen 5,9 ball derejesindäki ýer titremesinde takmynan 1200 pida bolupdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok