Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sanly ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigini Gahryman Arkadagymyz: «Biz, ilki bilen, ýurdumyzy sanly ulgama esaslanýan ösüşiň täze derejesine çykarmaga gönüden-göni gatnaşjak ýaşlarymyzy okatmaly we taýýarlamaly. Ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlaşdyrmaly» diýip nygtamagy doly tassyklaýar. Munuň özi ýurdumyzyň milli ylym-bilim kuwwatynyň yzygiderli ýokarlanmagyna aýdyň ýollaryň açylýandygyny alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek üçin döwrebap maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Ähli mekdepler kompýuter bilen doly üpjün edilen hem-de internet ulgamyna birikdirilen. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze, döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Döwletiň ykdysady, durmuş, medeni durmuşyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin hemme düzümleýin bölümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň putalandyrylmagy zerurdyr. Programma üpjünçiliginiň toplumlaýyn gowulandyrylmagy sanly tehnologiýalary özleşdirmek ugrunda işleýän hünärmenleriň bilim derejesini we başarnyklaryny ýokarlandyrmagy we adamlaryň sanly täze durmuş ýagdaýlaryna kem-kemden uýgunlaşmagyna gönükdirilen çäreleri amala aşyrmagy talap edýär.

Jennet BAÝRAMGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok