Akpamyk Myradowa – TÜRKSOÝ-yň bäsleşiginň ýeňijisi

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Akpamyk Myradowa sanly ulgam arkaly geçirilen düzme ýazmak bäsleşiginde birinji oruny eýeledi. TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan yglan edilen bu bäsleşigiň mowzugy bolsa “TÜRKSOÝ – türki dünýäniň altyn köprüsi” boldy. Bu barada jeyhun.news habar portaly habar berýär.

TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu bäsleşikde Akpamyk Myradowa täze ýyla, ýagny 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan edilmegine bagyşlady.

Portalda habar berilmegine görä, oňa öz türkmen dili we edebiýaty mugallymy we ejesi ýakyndan ýardam berendigi nygtalýar. Akmapyk Myradowa bäsleşikde biriniji oruny mynasyp bolmagy bilen hormat haty we altyn medaly bilen sylaglandy. TÜRKSOÝ – 1993-nji ýylda Azerbeýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Türkiýe we Türkmenistanyň medeniýet ministrlikleriniň özara ylalyşygy esasynda türki döwletleriň arasynda ilkinji gurlan guramadyr.

Gülşat BEGENJOWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok