Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň guramagynda Magtymguly etrabynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik simpoziumy geçirildi.
Etraba berkarar Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen suratkeşler ýygnandylar. Olaryň hatarynda halypa suratkeşler bilen birlikde, şekillendiriş sungatyna baş goşan ýaş zehinli suratkeşler hem bar. Tebigat gözellikleriniň üsti bilen türkmeniň akyldar şahyrynyň döredijilik älemini giňden wasp edýän eserleri döretmek birnäçe günläp dowam eden çäräniň esasy maksady boldy.
Ajaýyp dag howasy, güýz paslynyň gözelligi, söz mülkünden beýik bina galdyran Pyragyny gören daglar suratkeşlerimize aýratyn ylham berdi. Magtymguly etrabynyň merkezine barýarkaň nazaryň eglenýän, özboluşly tebigy aýratynlyga eýe bolan Aý daglary, ençeme aralyga uzalyp gidýän ajaýyp jülge, gözel Sumbaryň nary suratkeşleriň eserlerinde aýratyn orun tutdy.
Ussat halypalar bu ýerde keremli daglara seýran edip, açyk howada ak kendirde reňkleriň sazlaşygy astynda täze eserleri döretdiler. Şeýle-de ýaş suratkeşlere degerli maslahatlaryny berdiler.
Gülpaşşa NURMUHAMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler