Oba hojalyk pudagy düzümleýin kämilleşdirilýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda oba hojalyk pudagynyň batly depginde ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has hem pugtalandyrmaga, türkmen halkymyzyň eşretli durmuşyny, abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Häzirki wagtda eziz ýurdumyzda gündelik durmuşda zerur bolan dürli görnüşli ekerançylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna bu toplumyň netijeliligi ýokarlandyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilişiniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagy, daýhanlaryň ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilmegi hem-de oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň doly güýjünde ulanylmagy möhüm bolup durýar. Ýer we suw serişdelerini rejeli ulanmak meselelerine aýratyn üns berlip, oba hojalyk ekinlerini suw bilen üpjün etmek, tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek boýunça işler ýola goýulýar, öňdebaryjy oba hojalyk usullary hem-de ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar.     

Oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde ony düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalarynyň, elewatorlaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň ençemesi gurulýar. Daýhanlara, ýer eýelerine ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň hödürlenilmegi-de özüniň oňyn netijesini berýär, olaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň, daşky gurşawy goramagyň, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň möhüm şertidigini hem bellemelidiris.

Suw üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, bellenen meýilnamalaýyn çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek hem-de suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri çaltlandyrmak wajypdyr. Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meseleleri innowasion esasda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän kuwwatly, ýokary kysymly tehnikalar satyn alynýar, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Netijede oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýylsaýyn gowulanýar.

Ýurdumyzyň eksportynyň agramly bölegini dokma önümleri eýelemek bilen, dokma senagatynyň kärhanalary dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan, halkara ölçeglere laýyk gelýän önümleri öndürýärler. Munuň özi oba hojalygynyň möhüm düzümi bolan pagtaçylyk pudagynyň ösdürilmegini şertlendirýär. Şeýle-de maldarçylyk, guşçulyk, balaryçylyk, ýüpekçilik ýaly ugurlar yzygiderli ösdürilýär. Bular bilen birlikde, pudakda täze ykdysady şertlerde telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanylmagy, döwrebap ýyladyşhana hojalyklary barha ösýän ykdysadyýetiň hususy pudagyna saldamly goşant bolup hyzmat edýär.

Gülöwser KURBANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň
III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok