Ylym bu adamzadyň giň gözýetimidir, düýpsüz ummandyr. Bilim sowatlylyga, akyl-paýhasa, döredijilikli zähmete sarpa goýýan ata-babalarymyzyň “Akylyň bolsa uzak ýola şöwür et, bilimiň bolsa, bilmedige öwret”, “Bilim bilen hikmet-altyndan gymmat”, “Bilmeýän zadyňy kitapdan sora” ýaly ençeme atalar sözleri ýaş nesliň ylym ýolundaky zehininiň we höwesiniň ýokarlanmagyna itergi beripdir. Ata Watanymyzyň we jemgyýetimiziň ösüşini ylym-bilimde gören dana halkymyzyň her bir ýola goýan döwletli işini asyrlar boýy toplanan baý tejribe esaslanmagy, dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşmaklary, pederlerimiziň ylym-billime hiç wagt bihal däldigini aňladýar.
“Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýen weli şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň her bir goşgy setirlerinde okamaklyk, öwrenmeklik öwüt edilýär. Ylmyň syrdan doly gapylaryny açmagy başaran akyldarymyz öz halkynyň azat-erkin bolup, güýçli döwletde ýaşamagyny arzuwlap gezen.
Bu günki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, öz saýlan kärleri boýunça ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly, bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär. Dogrudan-da, ylymly-bilimli, päk ahlakly, belent ruhly, watansöýüji ýaşlar röwşen geljegimiziň çyragydyr. Bilim ulgamynda ösdürmekde alnyp barylýan ähli işler ýurdumyzyň kuwwatynyň has hem berkemegine itergi berýär.
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem üznüksiz ösüş ýoly bilen barýar. Her ýyl täze-täze bilim ojaklary gurlup ulanmaga berilýär we olar döwrebap kompýuter we okuw enjamlary bilen üpjün edilýär. Okuwçy we talyp ýaşlarymyzyň halkara intelektual bäsleşiklerde baýrakly orunlar eýelemekleri edilýän asylly işleriň miwesidir.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny ýörelge edinýän Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, işleri rowaç, belent başlary aman bolsun!
Selbi SAPAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
daşary ýurt dillerini okatmagyň
usulyýeti ugrunyň magistranty.
Teswirler