Oba ýaşaýjylaryna topragyň düzümine agrohimiki derňew etmegiň täze usullary öwredildi

Türkmenistanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça Azyk we oba hojalyk guramasy FAO we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň GEF «Merkezi Aziýanyň we Türkiýäniň oba hojalyk önümçiliginiň guraklaşan we şorlaşan landşaftlarynda tebigy baýlyklary toplumlaýyn dolandyrmak» (CACILM-2) taslamasyny taýýarlady. Bu barada turkmenistan.gov.tm habar berýär.

Taslamanyň çäklerinde howanyň üýgemegine taýýarlyk görmek, yzygider gaýtalanýan gurakçlygyň şertlerinde öri meýdanlardaky oba hojalyk ýerleri durnukly dolandyrmak babatynda oba ýaşaýjylarynyň şertlerini gowulandyrmak maksady bilen okuw synaglary geçirilýär.

2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda «Bereketli Garagum» Döwlet goraghanasynyň maglumat merkezinde we Könegümmez obasynda 2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda geçirilen synag okuw mahalynda, hünärmenler taslama gatnaşyjylar bilen bilelikde ulanyp boljak öri meýdanlarynyň görnüşleri bilen tanyşdylar.

Bäherden etrabynyň agrosenagat, suw dolandyryş we tokaý toplumynyň wekilleri, maldarçylyk, suw dolandyryşy we tokaý hojalygynyň hünärmenleri, şeýle hem ýerli jemgyýetleriň wekilleri, çopanlar, mekdep mugallymlary we ätiýaçlyk işgärleri bu taslama işjeň gatnaşdylar.

Taslamanyň hünärmenleri gatnaşyjylara şorluk kartalaryny nähili peýdalanmalydygyny we ösdürip ýetişdirmek üçin iň amatly ekinleri saýlamak üçin, topragyň düzüminde agrohimiki derňew geçirmegiň usullaryny öwretdiler.

Taslamanyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatyna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, agrosenagat toplumynyň, tokaý hojalygy we ýer baýlyklary hyzmatlarynyň hünärmenleri, Daşoguz welaýatynyň, şeýle hem etraplaryň häkimlikleriniň wekilleri we Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Ylýas ANNAMYRADOW,
Türkmen oba hojalyk instituty
Weterinar lukmançylyk fakultetiniň
I
ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok